Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň häkimini belledi

04.04.2023, 05:4021,045

Serdar Berdimuhamedow Atajan Orazmyradowiç Mylkyýewi Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň häkimi wezipesine belledi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji aprelde gol çekdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 30-njy martda gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň häkimlikleri döredildi.