Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda özbek raýatlary üçin göçme saýlaw uçastoklary döredildi

04.04.2023, 17:0112,840

rkmenistanyň çäginde wagtlaýyn ýa-da hemişelik bolýan Özbegistan Respublikasynyň raýatlarynyň «Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda» Konstitusion Kanunynyň taslamasyna ses bermekleri üçin Aşgabat, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde göçme saýlaw uçastoklary döredildi.

Saýlaw uçastoklary Aşgabat şäherinde Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Özbegistanyň ilçihanasynda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Ýüpek ýoly» (19-njy aprel) we Daşoguz şäherindäki «Daşoguz» myhmanhanalarynda (24-nji aprelde) döredildi diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Referendum 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.