Apple üsti ýetirilen reallyk tuwulgasyny tanyşdyrjak senesini aýtdy

09.04.2023, 19:117,432

Apple korporasiýasy 5-nji iýunda — Bütindünýä işläp taýýarlaýjylaryň konferensiýasynyň (WWDC) çäginde täze işläp taýýarlamasyny — üsti ýetirilen reallyk tuwulgasyny görkezer. Bu barada Meduza Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmana salgylanyp ýazýar.

Çakylykda tuwulga barada gönüden-göni agzalmaýar, ýöne dizaýn we görkeziş aýratynlyklarynyň birnäçesi gürrüň şol hakda diýmäge mümkinçilik berýär.
Apple birnäçe ýyl bäri üsti ýetirilen reallyk tuwulgasyny ösdürýär. Çeşmäniň habaryna görä, tuwulgany 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda görkezmek meýilleşdirilipdi, ýöne ýüze çykarylan käbir kemçilikleri düzetmek üçin tanyşdyrylyş yza süýşürildi.
Wirtual hakykat kaskasynyň bazara çykarylmagy, iPhone-dan soň Apple-iň ösüşinde täze tapgyr bolup biler. VR kaskasy Mac-a ýa-da iPhone -a baglanylmazdan işlese gerek diýip çak edilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.