UFC-niň taryhynda iň çalt nokautyň eýesi karýerasyny tamamlady

11.04.2023, 11:2243,605

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) amerikaly wekili Horhe Maswidal karýerasyny tamamlandygyny yglan etdi.

Maswidal Maýamide geçirilen UFC 287-de eminleriň biragyzdan karary bilen braziliýaly Gilbert Býornsden ýeňildi. Bu türgen üçin yzly-yzyna dördünji ýeňliş boldy.

“Bagyşlaň, başa barmady. Bu gün meniň iň soňky söweşim, men indi söweşmerin "- diýip, Maswidal söweşden soň elliklerini zala taşlady.

38 ýaşly Maswidal ýarym agyr agram derejesinde UFC-niň çempiony tituly ugrunda iki gezek söweşdi, ýöne iki gezekde-de asly nigeriýaly amerikan Kamaru Usmandan ýeňildi. Ol watandaşy Ben Askren bilen bolan tutluşykda gazanan, UFC-niň taryhynda iň çalt (5 sekunt) nokautyň awtorydyr. Türgen garyşyk başa-baş söweş sungatynda 35 ýeňiş gazandy we hasabynda 17 ýeňlişi bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.