Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň indiki duşuşygy Aşgabatda geçiriler

15.04.2023, 14:4929,813

Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyny kabul eder. Bu barada 13-nji aprelde Samarkandda geçirilen IV ministrler mejlisiniň gatnaşyjylary habar berdi diýlip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Foruma Hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri hem-de ýokary wezipeli adamlary gatnaşdy.
Taraplar mejlisiň gün tertibinde Owganystanyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar. Wekiliýetler bu ýurtda içerki syýasy hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin amatly şertleri döretmek boýunça bilelikdeki işleri dowam etmegi ylalaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.