Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

16.04.2023, 00:1032,187

15-nji aprelde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we  Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda köpugurly türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow ozaly bilen mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly özüne hem-de maşgala agzalaryna gynanç bildirendigi we duýgudaşlyk sözlerini beýan edendigi üçin türk Liderine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

“Kyn günlerde hakyky dost-dogan hökmünde görkezilýän raýdaşlyk Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýar” diýip türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe bilen köpugurly we uzakmöhletleýin strategik gatnaşyklaryň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan  ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn  nygtady.
Türkiýe Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda türk kompaniýalary we işewürleri ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem täze ugurlar boýunça ýokary depginlerde ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.