Garagum derýasynyň Mary welaýatyndan geçýän hanasyny giňeltmek boýunça işler başlandy

24.04.2023, 09:5826,303

«Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumgurluşyk» bölüminiň hünärmenleri Garagum derýasynyň Mary welaýatyndaky 173 — 456-njy kilometrindäki hanasyny giňeltmek işlerine girişdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Işler suw akabasyny arassalamaga we onuň suw akymyny giňeltmäge gönükdirilendir. Munuň üçin Niderlandlarda öndürilen häzirki zaman arassalaýjy tehnikasynyň 30-sy işledilýär.
Zemsnarýad ýörelgesi boýunça hereket edýän şeýle gurluşyň her biri her sagatda 1900-2000 kub metr topragy derýanyň hanasynyň düýbünden aýyrmaga ukyplydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.