Türkmen nebitiniň Azerbaýjana eskporty 4 esseden gowrak artdy

25.04.2023, 15:0414,765

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan Azerbaýjana çig nebitiň 119,2 müň tonnasyny eksport etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4,4 esse köpdür diýip, Trend agentligi habar berýär.

Eksportyň jemi möçberi $75,35 mln amerikan dollaryna deň boldy. Geçen ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan Hazaryň üsti bilen $17,11 mln amerikan dollaryna barabar bolan 30,72 müň tonna nebit ugratdy.
Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy Hazar deňziniň iri ulag çatrygy arkaly – Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty we Bakuwyň halkara deňiz söwda porty arkaly amala aşyrylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.