Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn Wepa Hajiýew ýerine ýetirer

01.05.2023, 23:4457,505

Prezident Serdar Berdimuhamedow Raşid Meredow zähmet rugsadynda wagty Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň üstüne ýükledi.

1-nji maýda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentine nobatdaky zähmet rugsadyna çykmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutany haýyşy kanagatlandyrdy we degişli resminama gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.