Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda 80 million dollarlyk geleşik hasaba alyndy

01.05.2023, 23:485,762

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 80 million 30 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 30-sy baglaşyldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine nah ýüplükdir mata ýerlenildi.
Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 962 müň 500 manada deň bolan bugdaý harpygyny satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.