Janni Infantino Serdar Berdimuhamedowa FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny sowgat etdi

05.05.2023, 07:1451,760
1 / 2

4-nji maýda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino Prezident Serdar Berdimuhamedowa FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny hem-de resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy.

Sport ulgamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti ýurtda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek ugrunda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna ýokary baha berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.