Türkmenistan 2023-nji ýylyň ahyryna çenli TRACECA guramasynayň düzümine girip biler

09.05.2023, 10:4311,632

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ahyryna çenli TRACECA goşular. Bu barada TRACECA hökümetara komissiýasynyň hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew Trend agentligine habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, kanuny nukdaýnazaryndan seredilende işler tamamlandy, TRACECA-nyň ähli agza döwletleri bu ýurdy gurama kabul etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

“Men Türkmenistanyň bu gurama girmek bilen öz ulag pudagynyň ösüşini, şeýle-de ýük gatnawlaryny sanlylaşdyrmak prosesini çaltlaşdyryp biljekdigini belläsim gelýär. Mundan başga-da, ol TRACECA-nyň 13 agza döwletine ýönekeý girişe eýe bolar. Öz gezeginde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylar” – diýip, ol belledi.

Asawbaýew Türkmenistanyň TRACECA-a goşulmak mümkinçiliginiň möhleti barada aýtmak bilen, ýurduň eýýäm 2023-nji ýylyň güýzünde gurama goşuljakdygyny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.