Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşygy

11.05.2023, 00:5611,708

10-njy maý Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet kabulhanasynda Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustami Emomali bilen duşuşdy.  

Oli Majlisiň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy mübärekläp, Täjigistanyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de sebit hyzmatdaşlygy babatda çemeleşmeleri utgaşdyrmak daşary syýasatda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.
Ykdysady gatnaşyklary hil taýdan ösdürmek, dürli pudaklarda  netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, giň mümkinçilikleri bolan işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.