Maý aýynyň ahyrynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçiriler

13.05.2023, 16:556,997

2023-nji ýylyň  24 — 25-nji maýynda Aşgabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guramagynda «Ak şäherim Aşgabat»  atly XXII köpugurly halkara sergi geçiriler.

Guraýjy topar Türkmenistanyň   dahylly ministrlikleriniň   we   pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä gatnaşmaga çagyrýar, diýip «Aşgabat» gazetinde habar berilýär.
Serginiň  iş wagty 24—25-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli hereket eder.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-35-10, 92-23-59, 92-04-24.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.