Türkmen wekiliýeti maý aýynda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşar

16.05.2023, 10:4313,341

Türkmen wekiliýeti şu ýylyň 18-19-njy maýynda RF-niň Tatarystan Respublikasynda geçiriljek «Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda belledi.

Tatarystanyň Baştutanynyň saýtynda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň düzümine senagat, ulag, gurluşyk ýaly pudaklaryň ýolbaşçylary girdi. Mundan başga-da, forumyň çäginde Türkmenistanyň diwarlygy guralar.
Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow «Demirgazyk — Günorta» ýaly täze ulag-üstaşyr geçelgeleriň möhümligine üns çekdi. Rustam Minnihanow, öz gezeginde, forumyň çäklerinde bu mowzuga bagyşlanan tegelek stoluň geçiriljekdigini belledi.
KazanForum-yň maksady Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmek bolup durýar. Ilkinji gezek forum 2009-njy ýylda geçirildi. Şu ýyl RF-niň Prezidentiniň karary bilen foruma federal derejesi berildi.

2022-nji ýylda foruma 6,3 müňden gowrak adam, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.