Aşgabadyň gününde geçiriljek sergä 140 sany ýerli we daşary ýurt kompaniýalary gatnaşar

22.05.2023, 10:548,347

2023-nji ýylyň  24 — 25-nji maýynda Aşgabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guramagynda «Ak şäherim Aşgabat»  atly XXII köpugurly halkara sergi geçiriler.

Bu köpugurly sergä ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň jemi 140-sy, edara-kärhanalar, hususy telekeçiler gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Bu barada ýekşenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow habar berdi.
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guraýan her ýylky sergisiniň esasy maksady ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Serginiň  iş wagty 24—25-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli hereket eder.
Şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli baýramçylyk konsertlerini, dabaraly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.