Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

23.05.2023, 00:1811,060

22-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri hem-de wise-premýer A.Ýazmyradow häzirki wagtda ýerlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. 
Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş almak, ýekelemek, otag etmek hem-de hatarara bejergi işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Şunuň bilen birlikde, bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem welaýatlarda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalarda hem-de binalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň  ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsüni çekdi we şunuň bilen baglylykda, bu işleriň agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi arkaly geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.