Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi

24.05.2023, 22:524,156

Şu gün, 24-nji maýda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Diplomat  Onuň Alyjenaby Patyşa Karl III we Premýer-ministr Rişi Sunakyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Beýik Britaniýada Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň  we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Serdar Berdimuhamedow Stiwen Konlony jogapkärli wezipä bellenilmegi hem Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlady.
Duşuşygyň çäklerinde köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda Prezident we Beýik Britaniýanyň doly ygtyýarly wekili umumy bähbitlere  hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Energetika, maliýe, bank hyzmatlary, ätiýaçlandyryş we “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Mundan başga-da, oba hojalygynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyldy. Döwlet Baştutany häzirki wagtda ýurdumyzda britan kompaniýalarynyň öndüren köpsanly tehnikalarynyň ulanylýandygyny belläp, türkmen tarapynyň bu gatnaşyklary has-da giňeltmegi isleýändigini beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.