Türkmen-özbek haryt dolanyşygy ýylyň başyndan bäri 2,5% artdy

29.05.2023, 16:294,177

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 2,5% artyp, $312,6 mln görkezijä ýetdi. Ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn saldosy $204 mln amerikan dollaryndan gowrakdyr diýip,  Orient agentligi Review.uz saýtyna salgylanyp habar berýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurda $258,5 mln amerikan dollaryna barabar harydy eksport etdi, $52,1 mln amerikan dollarlyk harydy bolsa — import etdi. Ýurt Gazagystandan we azajyk derejede Gyrgyzystandan soňra Özbegistanyň üçünji esasy söwda hyzmatdaşydyr.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň Özbegistanyň umumy haryt dolanyşygyndaky paýy 13% deňdir. Umuman, bu döwürde resmi taýdan Daşkent ýurtlar bilen ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny 6,2% artdyrdy.
Öň, Tmcars Türkmenistanyň Özbegistanyň daşary söwda dolanyşykdaky döwletleriniň ilkinji onlugyna girýändigini habar beripdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.