Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýrana bardy

30.05.2023, 16:1313,263

Şu gün. 30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy.

Tähran şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy EYR-nyň resmi adamlary hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. 
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş boldy. 
Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler. 
Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamynda iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem özara düşünişmek esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenildi hem-de köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.