Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik Ruhy liderini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

01.06.2023, 02:0318,878

31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň köpugurly we işjeň häsiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşligiň barşynda şeýle hem döwletleriň ikisini hem-de olaryň halklaryny diňe bir hoşniýetli goňşuçylyk däl-de, garyndaşlyk gatnaşyklarynyň hem birleşdirýändigine üns çekildi. Üýtgewsiz  erk-islege daýanýan gatnaşyklar özara ynanyşykly, deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykla, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine hem-de oňa täze kuwwat berjekdigine ynam bildirildi.
Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi, bu ugurda anyk netijeler gönükdirilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikler bar. Hususan-da, ulag, nebitgaz, energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurtda mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Aýatolla Ali Hameneýini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.