Ýakyn günlerde Aşgabatda türkmen-wenger gepleşikleri geçiriler

01.06.2023, 15:104,343

“Biz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary üns berýäris. Ýakyn günlerde Aşgabatda geçirjek gepleşiklerimiziň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana şanly 60 ýaş toýy mynasybetli gutlag hatynda belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Prezidentimiz Premýer-ministr Wiktor Orbana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem Wengriýanyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.