Serdar Berdimuhamedow Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar

03.06.2023, 16:5619,850

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Dabara Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisinde aşgabat wagty bilen 16:00-da başlanar.
Dabara 21 sany döwlet Baştutany, 13 sany premýer-ministr, şeýle hem köp sanly ministrler we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşar.
12 döwletden parlamentleriň ýolbaşçylary wekilçilik eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.