Serdar Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan etdi

07.06.2023, 23:5534,737

Prezident Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewe berk käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutany degişli resminama çarşenbe güni, 7-nji iýunda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.