Tokaýew Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň artykmaçlygyny belledi

08.06.2023, 20:338,962

Hazarüsti halkara ulag ugry söwda işini ýeňilleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astana halkara forumynyň açylyş dabarasynda aýtdy diýip, Trend habar berýär.

Prezident Tokaýew sebitiň ulag ugurlaryny ösdürmegiň umumy ähmiýetine ünsi çekdi.

“Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän Ortaky geçelge sebitde ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu ýol Hindi ummanyndan haryt daşamak üçin sarp edilýän wagty iki esse azaldyp biler " - diýip ol belledi.

Bu meselede Prezident Tokaýew Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň ähmiýetini we onuň sebitara gatnaşyklaryň ösüşine itergi bermek mümkinçiligini hem belläp geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.