Çarlz Oliweýra UFC 289-da Beneil Dariuşy nokaut bilen ýeňdi

11.06.2023, 16:3622,487

11-nji iýunda Wankuwerde (Kanada) nobatdaky UFC 289 garyşyk söweş boýunça ýaryş geçirildi. Braziliýaly türgen Çarlz Oliweýra we eýran-amerikan söweşijisi Beneil Dariuş ýaryşyň esasy bäsleşiginde duşuşdy.

Söweş Oliweýranyň birinji tapgyrda nokaut netijesinde ýeňmegi bilen tamamlandy.
Öňki söweşde Oliweýranyň russiýaly Islam Mahaçew bilen duşuşandygyny ýatladýarys. Söweş 22-nji oktýabrdan 23-nji oktýabra geçilen gije Abu-Dabide (Birleşen Arap Emirlikleri) UFC 280-de bolup, sport şüweleňiniň esasy çäresi boldy. Söweşijiler ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrunda söweşdiler. Islam ikinji tapgyrda demikdiriji täri ulanyp, ýeňiş gazandy.
Dariuş soňky söweşde polşaly Mateuş Gamroty ýeňdi. Söweş meýilleşdirilen üç tapgyryň hemmesinde dowam etdi, şondan soň eminler biragyzdan ýeňşi Dariuşa berdiler — 30-27, 30-27, 29-28.
Bu söweşden soň Oliweýranyň hasabynda 34 ýeňiş we dokuz ýeňliş jemlendi. Dariuşyň 22 ýeňşi, bäş ýeňlişi we bir deňme-deň söweşi bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.