Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Gurban baýramyny bellemek barada Permana gol çekdi

16.06.2023, 14:1144,284

Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-29-30-njy iýunda ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany şu gün, 16-njy iýunda Arkadag şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýän günler işlenilmez.
Serdar Berdimuhamedow ähli ýolbaşçylara baýramçylygy ýokary derejede geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.