Türkmenistanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisi üçin pawilýonyny gurjak kompaniýa belli boldy

18.06.2023, 14:3033,433

«Belli» hojalyk jemgyýeti Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek  barada «Belli» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.