Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda prezident saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşýar

04.07.2023, 18:1716,761

Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň düzüminde Özbegistanda 9-njy iýulda geçiriljek prezident saýlawlaryna gözegçilik ederler. Bu barada Arkalaşygyň resmi web-saýty habar berýär.

Özbegistanda möhletinden öň geçirilýän prezident saýlawlary ýurduň Konstitusiýasyna maý aýynda girizilen üýtgeşmeleriň esasynda geçirilýär. Möhletinden öň ses bermek işi 5-nji iýula çenli dowam eder, esasy ses berlişik bolsa 9-njy iýulda geçiriler.
Synçylar topary saýlawlaryň geçirilişinde ähli kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik ederler.
GDA-nyň synçylar toparynyň düzüminde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we gurama agza döwletleriň parlamentara assambleýasynyň wekilleri bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.