Türkmenistan 2024-nji ýylda GDA ýurtlary bilen bilelikde 100 töweregi çäre geçirer

07.07.2023, 17:447,823

GDA ýurtlarynda Meýletinçilik hereketi ýyly diýlip ylan edilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda Arkalaşygyň döwletleri bilen bilelikde 100 töweregi bilelikdäki çäreleri, duşuşyklary, maslahatlar, ylmy-barlaglary we beýleki çäreleri geçirer diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Bu barada degişli meýilnamany işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça bilermenler toparynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça Guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň metbugat gullugy habar berdi.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine ugradylan resminama düzülen mejlise Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Parlamentara assambleýanyň Geňeşiniň sekretarlygynyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.