Serdar Berdimuhamedow A.Ýazmyradowy saglyk ýagdaýy sebäpli wise-premýer wezipesinden boşatdy

07.07.2023, 23:2833,238

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowyň haýyşyny kanagatlandyryp, ony saglyk ýagdaýy sebäpli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

7-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň  mejlisiniň barşynda wise-premýer A.Ýazmyradow özüniň saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidentine haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutany wise-premýer A.Ýazmyradowyň haýyşyny kanagatlandyrdy.
Annageldi Ýazmyradow wise-premýer wezipesine 2022-nji ýylyň iýun aýynda bellenipdi. Ondan öň, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi bolup işledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.