Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumy boýunça täze wise-premýer belledi

07.07.2023, 23:3728,978

Taňryguly Atahallyýew Ministrler Kabinetiniň  Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti 7-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda oba hojalyk toplumy boýunça öňki wise-premýer A.Ýazmyradow özüniň saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidentine haýyş bilen ýüzlendi. Serdar Berdimuhamedow A.Ýazmyradowyň haýyşyny kanagatlandyryp, ony saglyk ýagdaýy sebäpli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Wise-premýer T.Atahallyýew özüne bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutany wise-premýere täze jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.