Serdar Berdimuhamedow energetika ministrini çalyşdy

14.07.2023, 21:5417,243

2023-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin,  H.Rejepmyradowy energetika ministri  wezipesinden boşatdy. Bu barada «Watan» habarlar aýdyldy.

Döwlet Baştutany bu ministrligiň ýolbaşçysy wezipesine A.Saparowy belläp, ony energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.
A.Saparow Serdar Berdimuhamedowa özüne bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.