Türkmenistanyň ilatynyň umumy sany aýdyldy

14.07.2023, 23:1752,998

14-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow 2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada aýdyldy.

Geçirilen Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy.

Welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça ilatyň jemi sanynyň göterim hasaby:

  • Mary welaýatynda 22,9 göterimi;
  • Daşoguz welaýatynda 22 göterimi;
  • Lebap welaýatynda 20,5 göterimi;
  • Aşgabat şäherinde 14,6 göterimi;
  • Ahal welaýatynda 12,5 göterimi;
  • Balkan welaýatynda 7,5 göterimi ýaşaýar.

Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler we 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurdumyzyň umumy ilatynyň 47,1 göterimi şäher ilatyndan we 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.