Azerbaýjan Türkmenistandan 4 müň tonna golaý awiakerosin import etdi

15.07.2023, 18:0315,081

2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Azerbaýjan reaktiw hereketlendirijileri üçin 3,97 müň tonna türkmen kerosinini satyn aldy. Bu barada Trend agentligi Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistandan awiakerosiniň importynyň umumy bahasy 1,44 million amerikan dollaryndan geçdi.
Hasabat döwründe Azerbaýjan Türkmenistandan şeýle hem jemi bahasy 4,14 million dollara barabar bolan 3,89 müň tonna gaz ýagyny satyn aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.