Sentýabrda Duşenbede Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 5-nji Konsultatiw duşuşygy geçiriler

16.07.2023, 03:187,967

2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 5-nji ýubileý Konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabada gelen Täjigistanyň daşary işler ministri bilen duşuşygynda bellenildi.

Duşuşygyň barşynda bu çäreleriň möhüm ähmiýeti bellenilip, ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň däp bolan hoşniýetlilik ýagdaýynda geçjekdigine, bu duşuşyklaryň netijeleriniň bolsa, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.