ÝUNFPA Türkmenistanda durmuş gurjak bolýan ýaş çatynjalar üçin trening geçirýär

19.07.2023, 10:5827,955

BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy täze durmuş gurjak bolýan  ýaş çatynjalar üçin «Maşgala gymmatlyklary»  atly treningleri geçirýär.  Bu barada wekilhananyň Instagram sahypasynda aýdylýar.

Treningler ýurduň jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde guralýar. Onuň esasy maksady ýaş çatynjalary geljekki maşgala durmuşy barada oňyn pikirde bolmaga,  özara düşünişmeklik we ynam esasynda berk maşgala gatnaşyklaryny gurmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Kurslara  ýazylmak isleýänler BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyna ýüz tutmaly.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.