Türkmenistanyň Prezidenti Filippi Belgiýanyň milli baýramy bilen gutlady

21.07.2023, 02:4412,850

Prezident Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň ähli halkyna Belgiýanyň milli baýramy — Patyşanyň kasam eden güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Belgiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.
Patyşanyň kasam eden güni 21-nji iýulda bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.