Merkezi Aziýanyň — Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygyny Aşgabatda geçirmek teklip edilýär

21.07.2023, 08:0112,448

Türkmenistan 2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etmegi meýilleşdirýär.

Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýon bilen 20-nji iýulda geçiren duşuşygynda habar berdi we koreý tarapynyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.
Aşgabatda Maslahat köşgünde geçirilen gepleşikleriň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirmek baradaky pikiriň doly goldanylýandygyny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.