Özbegistan we Eýran Türkmenistanyň çäginden geçjek halkara ulag geçelgesini döretmek meýilnamalaryny maslahatlaşdy

02.08.2023, 12:1428,430

Duşenbe güni Özbegistanyň Ulag ministrliginiň we Eýranyň Ýol we şäher ösüş ministrliginiň wekilleri Türkmenistanyň üstünden geçýän halkara ulag geçelgesini döretmegiň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada özbek ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşykda halkara ulag geçelgesini döretmek, Eýranyň çägi boýunça halkara awtomobil gatnawlarynda ýygymlary azaltmak hakynda Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň Hökümetleriniň arasynda ylalaşyga gol çekmekligi tizleşdirmek meselelerine garaldy. Şeýle hem eksport we import ýükleri üçin Bandar-Abbas we Çabahar portuny ulanmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.