Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gruziýadaky täze ilçisini belledi

12.08.2023, 09:216,389

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwletmyrat Seýitmämmedowy Türkmenistanyň Gruziýadaky (Tbilisi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Degişli Permana döwlet Baştutany 11-nji awgustda gol çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Döwletmyrat Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.