Braziliýada geçiriljek UFC Fight Night 228-iň esasy tutluşygyna çykjaklaryň ady mälim edildi

14.08.2023, 10:3423,985
1 / 2

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt 4-nji noýabrda UFC-niň Braziliýada geçiriljek ýaryşynyň esasy söweşine gatnaşyjylaryň atlaryny resmi taýdan yglan etdi. San-Pauluda geçiriljek UFC Fight Night 228 ýaryşynyň esasy söweşi amerikaly Kýortis Bleýds bilen braziliýaly Žailton Almeýdanyň arasyndaky agyr agram derejesindäki söweş bolar. Bu barada Uaýtyň sözlerinden UFC-niň resmi saýty habar berýär diýip, championat.com belleýär.

32 ýaşly Bleýds (17-4-0) soňky söweşinde russiýaly agyr agramly söweşiji Sergeý Pawlowiçden ýeňlip, ýeňişli tapgyrynyň arasyny kesdi. Söweş birinji raundda nokaut bilen tamamlandy. Amerikaly UFC-niň agyr agramly söweşijileriniň reýtinginde bäşinji orny eýeleýär. 32 ýaşly braziliýaly Almeýda (19-2-0) 14 söweşden ybarat ýeňişli tapgyrynda barýar. 13-nji maýda ol surinamly söweşiji Žairzinýo Rozenstraýky demikdiriji usul bilen ýeňdi. Agyr agramly söweşijileriň reýtinginde braziliýaly dokuzynjy orny eýeleýär. Almeýda Dana White’s Contender Series ýaryşy arkaly UFC bilen şertnama gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.