Adalat ministrligi Türkmenistan boýunça notariuslaryň sanynyň täzelenen tertibini tassyklady

30.08.2023, 15:0819,629

Türkmenistanyň Adalat ministrligi Notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň täzelenen tertibini tassyklady. Onuň Tertibi ministrligiň hukuk-maglumatlar portalynda köpçülige ýetirildi.

Türkmenistan boýunça döwlet notarial edaralarynyň döwlet notariuslarynyň sany we iş çägi Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň çäklerinden, hereketleriň sanyndan, ilat sanyndan hem-de döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerden ugur alnyp Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.
Täzelenen tertipde notariuslaryň sanyna zerurlyga görä täzeden seredilip bilinjekdigi bellenilýär.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, h
ususy notariuslaryň wezipe sany kesgitlenilende şu aşakdaky esaslardan ugur alynýar:
1) notarial hereketleriň sany boýunça - soňky 3 ýylyň dowamynda notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketlerinden ugur alyp, aýda 300 – 400 notarial hereketi üçin bir hususy notariusyň wezipesi;
2) ilat sany boýunça:
a) Aşgabat, Arkadag şäherleri we welaýat merkezlerindäki şäherler boýunça – 30 000 adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi;
b) etrap hukukly şäherler boýunça - 25 000 adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi;
ç) etraplar boýunça - 20 000 adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi.
3) döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň araçägi boýunça bir hususy notariusyň wezipesi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.