Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

31.08.2023, 18:1817,034
1 / 2

30-njy awgustda Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe ynanç hatlaryny dabaraly  ýagdaýda gowşurdy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Şawkat Mirziýoýew dabaranyň barşynda şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisi Ýuý Szýandan, Malaýziýanyň ilçisi Ilham Tua Bin Illiasdan, Beýik Britaniýanyň ilçisi Timmoti Smartdan we Bangladeşiň ilçisi Muhammed Monirul Islamdan ynanç hatlaryny kabul etdi.
Özbegistanyň Baştutany diplomatik wekilhanalaryň täze bellenen ýolbaşçylaryny Özbegistanda işiniň resmi taýdann başlanmagy bilen gutlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.