Serdar Berdimuhamedow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygyny çalyşdy

01.09.2023, 07:5531,140

Prezident Serdar Berdimuhamedow Merdan Rozyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Gurbangeldi Garlyýew bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permanlara 31-nji awgustda gol çekdi.
Döwlet Baştutany «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň täze ýolbaşçysyna wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Merdan Rozyýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinde 2020-nji ýylyň iýulyndan bäri işleýärdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.