«Pikiriň güýji» bilen dolandyrylýan dünýäde ilkinji skuter döredildi

04.09.2023, 22:5513,543

Elektrik skuterlerini kärendesine bermek boýunça Whoosh hyzmatynyň topary Russiýanyň Neiry biotehniki barlaghanasy bilen bilelikde “pikiriň güýji” bilen skuteri dolandyrmak boýunça synag geçirdiler.

Metbugat gullugynda habar berişlerine görä, skuteriň tizligi el ulanylmazdan, beýniniň tolkun işjeňliginiň kömegi bilen dolandyrylýar.
Synagda adam beýnisiniň elektroensefalogrammasyny ýazýan Neiry nerw interfeýsi ulanyldy. Neiry beýniniň ýagdaýyna: aň-bilim ýüküniň nähilidigine, ýadawlygyna, stress ýagdaýyna we ünsüniň jemlenişine düşünmäge mümkinçilik berýär.
Döredijiler Neiry nerw interfeýsini kompýutere, kompýuteri bolsa Whoosh Segway Ninebot skuterine birikdirdiler. Neiry-nyň algoritmleri adamyň ünsüniň jemleniş derejesini seljerýär, döredijiler bu görkezijini elektrik skuteriniň tizligi bilen bagladylar.
Adamyň ünsüni jemlemek beýniniň alfa we beta ritmleriniň gatnaşygynyň üýtgemegi bilen kesgitlenýär. Skuteriň tizligi adam ünsi jemläninde ýokarlanýar, başgaça aýdylanda, üns bir ýere jemlenýär - bu sürüjiniň ýolunda hiç hili päsgelçilik ýok we ýol tekiz bolanda amal bolýar.
Üns peselende skuteriň tizligi hem peselýär. Şeýlelikde, döredijiler “pikiriň güýji” bilen skuteriň tizligini üýtgetmegi başardylar. Whoosh-da bellenip geçilişi ýaly, bu hili synag dünýäde ilkinji gezek geçirilýändir.
Iş prototipi Whoosh-yň döredijileri tarapyndan ýygnaldy we üstünlikli synag edildi. Bu synag taslamasydyr, häzirki wagtda Whoosh bu aýratynlygy köpçülikleýin gezelençlerde ulanmagy meýilleşdirmeýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.