Türkmenistan terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň Meýilnamasyny tassyklady

09.09.2023, 13:4517,228

Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Türkmenistanyň degişli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Meýilnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek, bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalar hem-de beýleki döwletleriň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk çygryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak we milli hünärmenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem bu ugurda işleri kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.