Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji sentýabrda Täjigistana barar

09.09.2023, 13:5510,526

14-15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.  Sapara görülýän taýýarlyk barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Raşid Meredow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda guramaçylyk we beýleki degişli işler alnyp barylýar. Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde beýleki birnäçe çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.