Türkmenistanyň birnäçe etrap-şäherleriniň degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalar gurlar

17.09.2023, 03:0220,330

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.