Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Seul şäherine bardy

18.09.2023, 15:4534,263

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýeti Seul şäherine bardy. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň wekiliýetine 2023-nji ýylyň 17 — 20-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrmaga rugsat berýän Buýruga gol çekdi.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentara forumyna gatnaşar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we onuň ýanyndaky wekiliýeti Inçon halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň parlament agzalary tarapyndan mähirli garşylandy. Türkmen myhmanlaryny koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon garşy aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.